“Täze senagat”

açyk görnüşli
paýdarlar jemgyýeti

“Täze senagat” AGPJ ýerli çig mallar bilen birlikde tehnologiýanyň iň soňky gazananlaryny ulanyp dürli görnüşli çalgy ýaglaryny öndürýän döwrebap kärhanadyr.

Biz Barada

Biz barada

“Täze senagat” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän, dürli görnüşli çalgy ýaglaryny öndürýän döwrebap önümçilik kärhanasydyr.

Önümçilikde ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli esas ýaglar, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň goşundylary hem-de täze nesil önümçilik tehnologiýalary utgaşdyrylýar. Bu çemeleşme awtoulaglar, senagat
enjamlary we ýörite tehnikalar üçin ýokary hilli, ygtybarly hem-de bäsdeşlige ukyply çalgy ýaglaryny öndürmäge mümkinçilik berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda telekeçiligiň hem-de senagat pudagynyň ösmegi we hususy pudagyň netijeli işlemegi üçin döredýän amatly şertlerinden ugur alyp, “Täze senagat” AGPJ importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ösdürmäge, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de milli senagatyň durnukly ösüşine mynasyp goşant goşmagy maksat edinýär.

Hilimiz

Takyk formulalar bilen taýýarlanýan motor ýaglarymyzda hereketlendirijileriň işjeňligini ýokarlandyrýan täzeçil tehnologiýaly goşundylar ulanylýar. Sürtülmegi sazlaýjy kämil goşundylar ulanylýan önümlerimiz sürtülme ýitgilerini iň az derejä düşürip netijeli güýç geçirjiligi üpjün edýär we hereketlendirijiniň bölekleriniň zaýalanmagynyň öňüni alýar.

Greenhill 5w-30 motor oil

Önümlerimiz

green hill 5W-30

SAE 5W-30

Greenhill 10W-40

SAE 10W-40

Greenhill 15W-40

SAE 15W-40

20-50

SAE 20W-50

Galereýa

Hyzmatdaşlar

Habarlaşmak

Please enable JavaScript in your browser to complete this form.